Türkmen-rumyn bilim hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew bilen Ploýeşti Nebit we gaz uniwersitetiniň rektory Alin Dinisanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Şol bir wagtyň özünde, ýokary bilim ulgamy boýunça türkmen-rumyn gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

A.Dinisa Türkmenistanyň Ýa.Kakaýew adyndaky Halkara Nebit we Gaz Uniwersiteti bilen Rumyniýanyň Ploýeşti Nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda 2017-nji ýylda hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişmek arkaly ýola goýlan gatnaşyklaryň iki ýurduň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek we ösdürmek üçin hyzmat edendigini belledi.

Mundan başga-da, söhbetdeşler 2024-nji ýylda Türkmenistanda we Rumyniýada geçirilýän dürli halkara ylmy maslahatlara we olimpiadalara bilelikde gatnaşmak meselelerini maslahatlaşdylar. Bu ugurda Ilçi ýokary okuw jaýynyň talyplary üçin Türkmenistanyň ulag we energetika diplomatiýasy boýunça leksiýalary gurnamagy teklip etdi.

Taraplar beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde, şu ýyl Ploýeşti Nebit we gaz uniwersiteti bilen Ilçihananyň arasynda dürli medeni çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek barada ylalaşdylar.

Ilçi bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda talyplar 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we 2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan döwletiň ösüşi üçin öňde goýlan maksatlar bilen tanyşdyryldy.