Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly abraýly halkara forumy öz işine başlady. Foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň ulgamy döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyňyndylary yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Ýurduň ykdysady durnuklylygyny we durmuş abadançylygyny saklamak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny tapgyrlaýyn giňeltmäge aýratyn üns berildi.
Türkmenistanda «ýaşyl» energetika geçişi üçin amatly gurşawy kemala getirmek boýunça eýýäm anyk ädimleriň ädilendigi tassyklanyldy.
Pudagyň ekologik taýdan özgerdilmeginiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, zähmet bazaryny uýgunlaşdyrmak we sebitleriň deňagramly ösüşi bilen gönüden-göni baglydygy nygtaldy. Ilaty bökdençsiz energiýa bilen üpjün etmegiň kepilligi, täze hünär ugurlary boýunça bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamak we çekilen maýa goýumlaryndan gelýän peýdalara ähli jemgyýetleriň deň elýeterliligini üpjün etmek esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.
Çykyşda milli meýilnamalary durmuşa geçirmekde konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine üns çekildi. BMG we halkara maliýe institutlary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen ýakyndan özara gatnaşyklaryň daşary goldawyň netijeliliginiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýändigi bellenildi.
Forumyň işi dowam edýär.