img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de we syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Şeýle hem duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk, ýagny Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek we BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar şeýle hem ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, parlamentara gepleşikleri ösdürmek we iki ýurduň daşary syýasat edralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek ýaly ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.