img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary başlandy

photo

2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar.

Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Koreýa Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.