img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy

photo

2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiklerini bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Iordaniýa bilen deňhukukly we özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, şu duşuşygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

“Biz Iordaniýa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şeýle hem parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamaga taýýardyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzirki döwürde emeli aň tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösmegini nazara almak bilen, olaryň howpsuz we jogapkärli ulanylmagyny üpjün etmek meselesiniň halkara gün tertibiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýändigini belläp, Akaba prosesiniň çäklerinde bu mesele boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we döwletleriň tagallalaryny utgaşdyrmagyň aýratyn ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Abdulla II-ni özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Iordaniýanyň Patyşasy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw etdiler.