img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary syýasy we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň arasynda ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialogyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Taraplar 2027-nji ýylda ýokary we iň ýokary derejedäki saparlary guramak mümkinçiliklerine garadylar.

Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary iki döwletiň halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygyny bellediler.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň agza bolup durýan beýleki köptaraplaýyn formatlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.