img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalarynyň arasynda birnäçe resminama gol çekildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi.

Hususan-da, Türkmenistanyň bilim ministri Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler barada Jarnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory, ÝUNISEF-niň “COP31” maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdylar.

Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) tarapyndan «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy — III tapgyrynyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin Ylalaşyk; Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Energetika ministrlikleri bilen bilelikde «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynda energiýa geçişini goldamak» atly taslama resminamasy; Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO); Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama bar.