TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GDA-NYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ BAŞLYGY – ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK BOLDY

2019-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 15-16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna, şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli mejlisleriň geçirilmegine görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşdylar, has takygy 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy-döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen bagly bolan guramaçylyk meselelerine seredilip geçildi.

Myhman şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň gatnaşyjy-döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedigini nygtady we Türkmenistan bilen özarabähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Arkalaşygyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belläp geçdi.