TÜRKMENISTANDA TERRORIZMI MALIÝELEŞDIRMEKLIGE WE PUL SERIŞDELERI BILEN ÜPJÜN ETMEKLIGE GARŞY ULGAMDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBELERI ALYŞMAK BOÝUNÇA ÝHHG-NIŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 10‒11-nji iýunynda Aşgabatda ÝHHG-niň ýardam bermeginde «Bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy öňdebaryjy tejribe» atly maslahat geçirildi.

Çäre ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, şeýle hem agzalan ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçilik gullugy tarapyndan guraldy.

Maslahat bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda içki gözegçilik düzgünleriniň netijeliligini üpjün edýän halkara hukuk kadalaryny we standartlaryny içgin öwrenmek, şeýle hem pudagara hyzmatdaşlykda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen geçirildi.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Maliýe gözegçilik gullugynyň, hukuk goraýjy we gözegçilik edaralarynyň, bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynyň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň wekilleri Türkmenistanyň milli ulgamy we terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy halkara standartlary barada pikir alyşdylar.

Litwadan gelen halkara bilermen bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynyň üstünden gözegçilik etmeginiň terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy göreşmeklik hökmündäki mehanizmiň wajyplygyny belläp, bu ulgamda netijeli gözegçiligiň esasy görkezijilerini aýdyp geçdi.

Maslahatyň barşynda maliýe däl kärhanalaryň we hünärleriň öňüni alyş ornuny ösdürmegiň ýollary, müşderileri içgin gözden geçirmek, şeýle hem  benefisiarlary we syýasy ähmiýetli şahsyýetleriň üstüni açmak, bu ulgamda töwekgelçiligiň derejesini peseltmek ýaly möhüm meselelere seredildi.

Gatnaşyjylar bellenilen maliýe däl kärhanalary we hünärleri pudagynda terrorizmi maliýeleşdirmeklige we pul serişdeleri bilen üpjün etmeklige garşy pudagara we halkara hyzmatdaşlygyň ornunyň wajyplygy aýratyn belläp geçdiler.