TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI YLYMLAR GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, KHBS-niň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, professorlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylary hem-de ýurdumyzyň ähli ylmy jemgyýetçilgini şanly baýram bilen gyzgyn gutlady we degişli ýolbaşçylara söz berdi.

Maslahatda çykyş edenler öz sözlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalarynyň, ylmyň gazananlarynyň we öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň ykdysadyýetimize giňden ornaýandygyny bellediler.

Soňra döwlet Baştutany birnäçe degişli resminamalara gol çekmek kararyna gelendigini aýdyp, Garaşsyz Watanymyzyň ylmy kuwwatyny has-da artdyrmak, Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ylmy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ylmy işgärleri ýokary derejede taýýarlamagy döwlet tarapyndan goldamak maksady bilen, Ylymlar akademiýasyna 35 million manat möçberde pul serişdesini bermek barada “Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmegi maliýe taýdan goldamak hakyndaky” we ýene-de birnäçe Kararlara gol çekdi.

Maslahatyň ahyrynda ýurt Baştutanymyz döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamynyň ornunyň uludygyny belläp, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen bagly birnäçe degişli resminamalara gol çekdi.