ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi.

12 awgustda Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy.

Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministri A.Aripow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlary boýunça ileri tutulýan ugurlar barada pikir alyşdylar. Iki doganlyk ýurduň mundan beýläk hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklary bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda ýokary derejeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy esasynda geçirilýän Birinji Hazar ykdysady forumynyň hazarýaka ýurtlarynyň we işewürlik hyzmatdaşlarynyň arasynda özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin netijeli platforma öwrüljekdigini aýratyn nygtady. Gepleşikleriň barşynda taraplar şeýle hem Özbegistanyň ýokary tehnologiýalar we awtosenagat ulgamyndaky gazananlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.