DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde ileri tutýan ugurlaryndan gelip çykýan başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginde taraplaryň özarahereketlerine aýratyn ähmiýet berildi.

Hususan-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň saklanylmagy we halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň durmuşa geçirilmeginiň mazmunynda bitarap Türkmenistanyň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn açylmagy boýunça bilelikdäki işler üçin bar bolan giň mümkinçilikler bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet hökmünde halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanyp 2020-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek Parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatyna görülýän taýýarlyklaryň barşynda taraplaryň özara hereket etmäge taýýarlyklary beýan edildi.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegi baradaky Jarnamasynyň kabul edilmegi hakyndaky başlangyjynyň öz wagtyndalygy aýratyn nygtalyp geçildi.

BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy Türkmenistanyň BMG-niň ösüşiň maliýeleşdirilmegi boýunça maslahatynyň we Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatynyň geçirilmeginiň zerurlygy baradaky başlangyjynyň global derejede Durnukly Ösüş Maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi boýunça geçirilýän işleriň çygryndaky amaly ähmiýetine aýratyn üns berdi.

Mundan başga-da energetika howpsuzlygy we durnukly ulag meselelerinde halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmeginiň maksadalaýyklygy bellenilip geçildi.

Ekologiýa meselelerine degip geçmek bilen taraplar Aral deňziniň basseýnindäki ýurtlar üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi boýunça amaly hereketleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar we BMG-niň täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň döredilmegi baradaky başlangyjyň ähmiýetli mümkinçiliklerini belläp geçdiler.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň barşynda Türkmenstanyň Guramanyň beýleki agza-ýurtlary bilen birlikde halkara amallarynda BMG-niň öňdebaryjy we utgaşdyryjy ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen iş ýüzündäki takyk hereketleri durmuşa geçirmegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.