Buharestde Türkmenistanyň bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharestiň Politehniki uniwersiteti bilen birlikde «Bitarap Türkmenistanyň ylmy-tehniki syýasaty: türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýeti» ady bilen tegelek stoly geçirdi.

Bu çärä gatnaşmak maksady bilen Oguzhan adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory H.Kadyrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistandan Rumyniýa bardy.

Tegelek stoluň işine Buharestiň Politehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary, fakultetleriniň professorlary we mugallymlary, Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti gatnaşdy.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi çykyşynda, ol 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýändigini hem-de 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan – Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi baradaky Türkmenistanyň başlangyjy hakynda habar berdi. Şunuň bilen baglylykda Ilçi rumyn tarapyna bu başlangyjy goldap çykyş edendigi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Öz çykyşynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy rumyn tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylynda Türkmenistanda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.