“Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi guraldy
2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Ilçihanamyz tarapyndan Rumyniýanyň hökümete degişli däl “Green Revolution” guramasy bilen bilelikde “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli we Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlap, Buharest şäherinde welosiped ýörişiniň guraldy.
Agzalan welosiped ýörişine Rumyniýada bilim alýan türkmen talyplary, Ilçihananyň hem-de “Green Revolution” guramasynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň açylyşynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew çykyş edip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ägirt uly işleriň geçirilýändigine ünsi çekmek bilen, hut Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “3-nji iýun - Bütindünýä welosiped güni” baradaky Kararnamanyň kabul edilendigini aýratyn belledi.
Şeýle hem, ýörişiň başynda “Green Revolution” guramasynyň “I’Velo” taslama baradaky menejeri Razwan Nastase öz çykyşynda Bütindünýä welosiped gününiň halklary ýakynlaşdyrýandygyny barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň bu başlangyjynyň möhüm orna eýe bolandygyny belledi. Şol bir wagtda, ol “Green Revolution” guramasy bilen türkmen tarapynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada agzap geçdi.