Rumyniýada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy boldy

2020-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň we Rumyniýanyň Parlamentiniň Türkmenistan-Rumyniýa Parlamentara dostluk toparynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan suratlaryň hem-de etnografiki tapyndylarynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.

Medeni çäräniň açylyş dabarasyna türkmen diplomatlary, Türkmenistan-Rumyniýa Parlamentara dostluk toparynyň deputaty Iştwan-Ýanoş Antal, Kareý şäheriniň häkimi Eudjen Kowaçs, Satu Mare etrabynyň muzeýiniň ýolbaşçysy Attila Nandor Hago, ylmy we medeni işgärler, şeýle hem ýerli jemgyýetçiligiň we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy işleri we kitaplary, Türkmenistany wasp edýän dürli suratlar, türkmen halylary we gelin-gyzlarynyň el-işleri hem-de milli saz gurallary görkezildi.

Serginiň barşynda, çykyşlarda Türkmenistanyň ösüşleri, hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurduň halkara arenasyndaky başlangyçlary, dürli ugurlardaky türkmen-rumyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy barada, şeýle hem türkmen halkynyň medeni gymmatlyklary barada giňişleýin gürrüň berildi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Rumyniýanyň dostlukly halklarynyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny berkitmekde we giňeltmekde şeýle görnüşli çäreleri geçirmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.