SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda bir gün öň Aşgabada resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimi resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Premýer-ministr Anwar Ibrahimiň Türkmenistana amala aşyrýan ilkinji saparyna iki döwleti...
Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary başlandy
2026-njy ýylyň 18-nji iýunynda Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar täze sepgitlere çykarylýar. Iki ýurduň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem netijeli häsiýete eýedir. Türkmenistanyň we Malaýziýanyň iri halka...
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady
2026-njy ýylyň 17-nji iýunynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza geldi. Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda toparyň ýolbaşçylarynyň ikiçäk duşuşygy geçirildi. Onda Aşgabatda meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň Türkmenistanyň hem-de Slowakiýa Respublikasynyň arasynda ykdysady...
Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde TIIF-2026 forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N. Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bäşinji Daşkent halkara maýa goýum forumynyň (TIIF-2026) işine gatnaşdy. Forumyň açylyş dabarasyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti, Albaniýanyň Prezidenti, Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň premýer-mi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» sammitine taýýarlyk görmek boýunça ýokary wezipeli wekilleriniň maslahatyna gatnaşdy. Çärä şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda taraplar Sammitiň taýýarlyk işleriniň ba...
Türkmenistanyň wekiliýeti Wena şäherinde geçirilýän CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň 15–17-nji iýunynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar. Türkmenistanyň milli çykyşynda Türkmenistan Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk yg...
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nurlan Nogaýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň dowam...