RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

13 Feb

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisleriniň işine gatnaşdy. “Netijeli syýasat” sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň  dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmeler...

CITESTE MAI MULT
13 Feb

Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde Daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Hyzmatdaşl...

CITESTE MAI MULT
13 Feb

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitiniň çäklerindäki duşuşyklary barada

2024-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýyň elektrik we suw üpjünçilik Departamentiniň (DEWA) dolandyryjysy we ýerine ýetiriji direktory Saýed Al Taýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar  suw hojalygy we elektrik energiýasy pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar we onuň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini u...

CITESTE MAI MULT
12 Feb

Türkmen wekiliýetiniň BAE-ne sapary başlandy

2024-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň çäklerinde Abu Dabide Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary , Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise Prezidenti, Premýer-ministriň orunbasary, Prezidentiň Diwanynyň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň yzygid...

CITESTE MAI MULT
7 Feb

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Lideri bilen gadyrly salamlaşyp, türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Gyrgyzystanda bolan hadysa zerarly dostlukly ýurda ynsanperwerl...

CITESTE MAI MULT
6 Feb

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisine gatnaşmagy

2024-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Zenanlara garşy kemsitmeleri ýok etmek barada komitetiniň (CEDAW) 87-nji mejlisi öz işine başlady. 2024-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bu sessiýa gatnaşdy. Onuň çäklerinde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda Konwensiýanyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň döwürleýin al...

CITESTE MAI MULT
6 Feb

Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

2024-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün-tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlenildi. Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola...

CITESTE MAI MULT