SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BMG HYZMATDAŞLYGY HAS-DA PUGTALANDYRMAK UGRUNY TASSYKLAÝARLAR
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky agentlikleriniň hem-de bu guramanyň sebitleýin düzümleriniň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Ösüşi utgaşdyrmak boýunça sebitleýin merkeziniň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça başlygy hanym G.Ýop Son, ÝUNESKO-nyň Tährandaky Klaster edarasynyň direktory hanym G.El Huri, BMG-niň bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligini...
WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban iki günlük resmi sapary bilen Aşgabada geldi. Şu gün agşam wenger hökümetiniň baştutanynyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiriler. Ertir, 9-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda gepleşikler meýilleşdirilýär. Türkmen-wenger ýokary derejeli gepleşikleriň netijeleri boýunça iki doganlyk dö...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝEWRAZIÝA HÖKÜMETARA GEŇEŞINIŇ WE GDA-NYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISLERINE GATNAŞÝAR
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri başlandy. Bu çärelerde Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk edýär. Mundan başga-da, Soçide Türkmenistanyň wekiliýeti 3-nji Ýewraziýa kongresiniň we GDA-nyň we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň 2-nji ýaşlar forumynyň işine gatnaşýar....
TÜRKMENISTAN WE ATOM ENERGIÝASY BOÝUNÇA HALKARA AGENTLIGI HYZMATDAŞLYGY BERKITMEK ÜÇIN GELJEKKI ÄDIMLERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan...
WISE-PREMÝER M.MÄMMEDOWANYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ITALIÝA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRÝAR
Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklar babatynda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2023-nji ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Rimde iş saparynda bolýar. Saparyň çäginde 5-nji iýunda Italiýanyň Medeniýet ministrliginiň binasynda Wise-premýer M.Mämmedowa Italiýa Respublikasynyň Medeniýet ministri Jennaro SanJuliano bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmen...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AHHG-NYŇ MÜDIRIÝETINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň Halkara Gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.O.Ýazmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýeti Täjigistana sapar bilen geldi. Nobatdaky mejlise şonuň ýaly-da, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetleri, AHHG-...
KÖP SANLY GÖRKEZIJILER BOÝUNÇA KLASTER BARLAGYNYŇ 7-NJI TAPGYRYNA TAÝÝARLYK IŞLERI BOÝUNÇA MEJLIS GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagynyň ýedinji tapgyryna (MICS-7) taýýarlyk işleri boýunça mejlis geçirildi, oňa Türkmenistan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝUNISEF we UNFPA düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Klaster barlagynyň öňki tapgyrlaryna netijeli gatnaşmagyny nygtady. Mundan başga-da, Klaster barlagyndan alnan magluma...