img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
8 Okt

Metbugat habarnamasy

Garaşsyzlygynyň dowamynda Bitarap Türkmenistan döwletiň we jemgyýet durmuşynyň ähli ugurlarynda açyk we öňünden aýdyp boljak içerki we daşary syýasaty alyp bardy. Şol bir wagtyň özünde, biziň döwletimiz döwlet gurluşynyň esaslaryny berkitmäge, köp ugurly ykdysady ulgamy döretmäge, möhüm sosial meseleleri çözmäge we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli we uzak möhletli milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň ugrunda Türkmen halky berk dur. Şeýle progressiw we täsirli...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AZERBAÝJANYŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowy kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň salamyny hem-de ähli türkmen halkyna parahatçylyk, bagtyýarlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle hem Mikail Jabbarow Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy bilen gutlady. Türkmenistan...

DOWAMY
pic
5 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI АZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISINI KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we Azerbaýjanyň iki goňşy ýurduň hem-de halkyň bähbidine laýyk gelýän däp bolan döwletara dialoga ygrarlydygyny tassyklaýan sözlerini ýetirdi. Ilçi Prezident Serda...

DOWAMY
pic
4 Okt

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TASLAMALARY BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň, Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystandaky wekilhanasynyň hyzmatdaşlyk bölüminiň ýolbaşçysy Ýohannes Bauryň, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň we Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German agentliginiň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda Merkezi Aziýada bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin taslamalaryň ýagdaý...

DOWAMY
pic
4 Okt

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE AZERBAÝJANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana sapar bilen gelen wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüş depginini bellediler. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika, nebit-gaz, ulag-üstaşyr hem-de oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mundan b...

DOWAMY
pic
2 Okt

ARKADAG ŞÄHERINDE HALKARA ÝAŞLAR FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmenistanyň Hökümetiniň guramagynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişellik utgaşdyryjysynyň edarasynyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işjeň gatnaşmagynda “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly Halkara ýaşlar forumy geçirildi. Gibrid görnüşinde geçirilen bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem-de BMG-niň Baş Assamble...

DOWAMY
pic
2 Okt

ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Beata Peksanyň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministr Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we Türkmenistandaky diplomatik işini durmuşa geçirmekde üstünlik arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we “Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa” form...

DOWAMY