SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ähli möhüm ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýanyň sebitleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň s...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝUNESKO-NYŇ WEKILINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Hurini kabul etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň özüniň wekilçilik edýän iri düzüminiň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Golda El-Huri geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üstüniň “Türkmen keşdeçilik sung...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2023-njio ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy kabul etdi. Ma Çžaosýuý Türkmenistanyň Prezidentine Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň mähirli salamyny ýetirdi we şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurdy. Şunuň bilen baglylykda, ol hormatly Prez...
TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGI UGRATDY
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, agramy 125 tonna barabar bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, azyk we dokma önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni 2023-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistandan Owganystana ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, bu ynsanperwerlik çäreleriniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň lukman işgärleriniň bir topary 2016-njy ýylda Hyrat welaýatynyň Turgundy o...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTANYŇ OLI MAJLISINIŇ MILLI MAJLISINIŇ WE NAMOÝANDAGON MAJLISINIŇ BAŞLYKLARY BILEN DUŞUŞYKLARY
Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda şu gün geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy. Onuň jemleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm tapgyry açýar. Şol gatnaşyklar parlamentleriň ugry boýunça hem uly ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda, doganlyk ýurt...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet saparynyň çäginde ikiçäk görnüşde başlanan ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gepleşikleriň dowamynda belleýşi ýaly, Täjigistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk ýubileý ýylyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şol geçen ýyllaryň dowa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BEÝIK BRITANIÝA IŞ SAPARY BAŞLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady. Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasyna täç geýdirilmegi mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşmagy dostluk, özara horma...