SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE TÜRKMEN-GRUZIN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 16-njy martynda, Türkmenistanyň daşary syýasy edarasanyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri hem-de türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň geljekki ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki döwletiň netijeli syýasy-diplomatik hyzmatd...
AŞGABATDA TÜRKMENISTAN BILEN RF-NYŇ TATARSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI BARADA MASLAHATLAŞYLDY
2023-nji ýylyň 15-16-njy martynda Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisi geçdi. Mejlisiň işine gatnaşmak maksady bilen, Türkmenistanyň paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.W.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew ýolbaşç...
TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ DYKGATYNA!!!
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryndanky 1-nji Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirilýär. Rumyniýada wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher we geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermekleri üçin, Türkmenistanyň Rumyniýadak...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE UNFPA-NYŇ ÝURT BOÝUNÇA DIREKTORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar. Bu hyzmatdaşlygyň ugurla...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BITARAPLYGYŇ DOSTLARY TOPARYNYŇ MINISTRLER DUŞUŞYGYNYŇ JEMLEÝJI JARNAMASY ÇAP EDILDI
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygynda kabul edilen Jarnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty sany resmi dilinde (A/77/778 - aşakdaky resminama serediň) sessiýanyň gün tertibiniň “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy saklamak” atly 58-nji bendinde çap edildi. Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler duşuşygy 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda geçirildi....
TÜRKMENISTAN UKRAIN HALKYNYŇ ÇAGALARY ÜÇIN YNSANPERWER KÖMEGINI IBERER
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň mart aýynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Ukraina muzdsuz bermek tabşyryldy. Ukrain halkynyň çagalary üçin bu ynsanperwer kömegi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berm...
EÝRANYŇ ILÇISI BILEN BOLAN DUŞUŞYK BARADA
Şu gün, 2023-nji ýylyň 13-nji martynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde gepleşikler geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmak bilen, taraplar iň ýokary we ýokary derejedäki duşuşyklaryň möhüm ähmiý...