RSS

SOŇKY HABARLAR

30 Noý

TÜRKMENISTAN ŞHG-NYŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Mejlise ŞHG-nyň agza-döwletleriniň we ŞHG-nyň ýanyndaky synçy-döwletleriň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow mejlise myhman hökmünde gatnaşdy.   Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar ŞHG-nyň işiniň de...

DOWAMY
28 Noý

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsdanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň özara hereketler bellenilip geçildi. Iki ýurduň sebit we...

DOWAMY
27 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARY DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

Şu gün, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Daşay işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, belarus tarapyny bolsa, Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary A.E.Gurýanow ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meselele...

DOWAMY
27 Noý

TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR

2020-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Owganystan boýunça Ýörite wekili Z.Kabulow bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda halkara jemgyýetçiliginiň Owganystanda asudalygyň we durnuklylygyň ornaşdyrylmagy boýunça parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy we herekete getirilmegi ugrundaky tagallalara ýardam bermek bilen bagly meseleler babatynda pikir alyşyldy.  Şunuň bilen baglylykda...

DOWAMY
26 Noý

ÝAPONIÝADA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY BOLDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň ýapon dilindäki terjimesiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabara Ýaponiýanyň Parlamentiniň. Daşary işler, Söwda we senagat, Adalat ministrlikleriniň, şeýle hem Ýaponiýanyň Liberal demokratik partiýasynyň, JETRO we JECO guramalarynyň hem-de ýapon ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýada...

DOWAMY
26 Noý

TÜRKMENISTAN MA-DA EKSTREMIZMIŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURYLMAGY BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY

2020-nji ýylyň 26-njy noýabrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Stambul şäherindäki Sebitleýin Merkezi tarapyndan guralan «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňünden duýdurylmagy: sebitleýin ösüş hem-de geljege tarap ýol» atly ýokary derejeli maslahat onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyga Natalýa German, BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň başlygy, Agi Weres, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy...

DOWAMY
25 Noý

YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ MILLI BÖLEKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 25-nji noýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň milli bölekleriniň ýolbaşçylarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.L.Owerçugyň göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň...

DOWAMY