SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Aýlagdaky Arap döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiň (AADHG) agza ýurtlarynyň we Merkezi Aziýa Döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi. Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen duşuşygy geçir...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HHR-IŇ HÖKÜMETINIŇ ÝEWRAZIÝA IŞLERI BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueýi kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň iberen mähirli salamyny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçy...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI AÝLAGDAKY ARAP DÖWLETLERINIŇ – MERKEZI AZIÝANYŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ MINISTRLERIŇ STRATEGIKI DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Aýlagdaky Arap Döwletleriniň – Merkezi Aziýanyň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň” Daşary işler ministrleriň strategiki dialogynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu platforma ýurtlaryň arasyndaky syýasy gepleşikleri giňeltmek hem-de söwda, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen döredildi. Duşuşyga gatnaşyjylar halkara gün ter...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary...
AŞGABATDA “GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN HALKARA HABARLAR GIŇIŞLIGINDE” ATLY HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde” atly halkara maslahat geçirildi. Halkara mediaforumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergidäki gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen Daşary işler ministrliginiň guramagynda geçirilen maslahatyň maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary iç...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANATY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar. Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar. Türkmenist...
TÜRKMENISTANDAN PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNA YNSANPERWER KÖMEGI GELDI
5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukm...