RSS

SOŇKY HABARLAR

25 Noý

TÜRKMENISTAN SEBIT WE GLOBAL EKOLOGIÝA MESELELERINIŇ ÇÖZGÜDINDE HALKARA HYZMATDAŞLYGY UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

?Merkezi Aziýa-Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisiniň barşyndaky çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň ekologiýa ugry boýunça nukdaýnazaryny beýan etdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerindäki özara hereketleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan daşky gurşawyň goragyny ýurduň döwlet syýasatynyň möhüm düzüjileriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu Türkmenistanyň Hökümetiniň kabul eden m...

DOWAMY
25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 13-NJI MEJLISINIŇ BARŞYNDA ÇYKYŞ ETDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda «Merkezi Aziýa-Koreýa» Hyzmatdaşlyk forumynyň 13-nji mejlisi geçirildi, onuň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi. Forumyň barşynda Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary N.Niýazliýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow we Koreýa Respublikasynyň Da...

DOWAMY
25 Noý

TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SANLY ULGAMDAKY MÜMKINÇILIKLERI BOÝUNÇA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady mümkinçilikleri ösdürmek maksady bilen, tehnologiýalary geçirmek we sanly ulgam barada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirildi. Geçirilen gepleşiklere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekille...

DOWAMY
24 Noý

ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDA TÄZE BELLENEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI ÖZ YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2020-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ýamamoto Hiroýukini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň hem-de Premýer-ministri Suga Ýosihideniň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk baradak...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BILEN YNASAPWERWER GATNAŞYKLARA AÝRATYN ÜNS BERÝÄR

Şu gün, Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde geçirilen plenar mejlisiň dowamynda durmuş-ynsanperwer häsiýetli meselelere seredildi. Taraplar owgan halkynyň durmuşynyň kadalaşdyrylmagy ugrunda Owganystana ýardam bermek mümkinçiliklerine seretdiler.   Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan ýakyn ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýerine ýetirýän möhüm işleri barad...

DOWAMY
24 Noý

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEKDE WE GÜLLÄP ÖSÜŞI GAZANMAKDA SYÝASY-DIPLOMATIK GURALLARY ULANMAGYŇ ZERURLYGYNA YNANÝAR

Şu gün Ženewada onlaýn görnüşinde geçýän Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda Russiýanyň, Eýranyň, Şwesariýanyň, ABŞ-nyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki köptaraplaýyn guramalaryň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hem-de BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guttereşi...

DOWAMY
24 Noý

GELJEK ÝYL TOPH GAZGEÇIRIJISINIŇ GURLUŞYGY OWGANYSTANYŇ ÇÄGINDE DOWAM EDER

Owganystan boýunça ýokary derejeli Maslahatyň plenar mejlisiniň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Dabarada çykyş etmek bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani ýurduň ykdysady ýagdaýy barada gürrüň berdi. Dünýä jemgyýetçiliginiň Owganystany dünýä ykdysadyýetine goşmaklyga bolan ymtylyşlaryna minnetdarlyk bildirip, ol aýratyn-da bu ugurda Türkmenistanyň möhüm goşandyny belledi. Türkmen tarapyndan başy başlanan taslamalarda, hususa...

DOWAMY