img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Maý

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Rumyniýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A. Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministri hanym Oana-Silwiýa Tsoýu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ony geljekde ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de we syýasy, söwda-ykdysady, ulag, medeni, ynsanperwer we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şeýle hem duşuşykda köpt...

DOWAMY
pic
21 Maý

Aşgabatda Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda DIM-ara geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow hem-de Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupin ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp mas...

DOWAMY
pic
21 Maý

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Belarus Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Pawel Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan...

DOWAMY
pic
20 Maý

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanda işleýän BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, hususan-da BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi.  Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň mü...

DOWAMY
pic
19 Maý

KHBS üçin maglumat

Halkara derejesinde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan Türkmenistan öz daşary syýasatyny halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp, onuň esasy ýörelgeleriniň biri döwletleriň çäk bitewüligine hormat goýmakdan ybaratdygyny nazara alyp, Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň tutuş Hytaýa wekilçilik edýän ýeke-täk kanuny Hökümetdigini, Taýwanyň bolsa Hytaýyň...

DOWAMY
pic
19 Maý

Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory bilen duşuşyk barada

2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmak boýunça Departamentiň direktory Maýka Oşikawanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasy bilen özara hyzmatdaşlygynyň häzirki meseleleri, aýratyn-da ýurduň BSG-a goşulmagy bilen bagly geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar sebitleýin we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, milli kada...

DOWAMY
pic
15 Maý

Buharestde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Buharest şäherinde Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapynyň wekiliýetine Türkmenistanyň DIM-iniň Konsullyk gullugy departamentiniň başlygy Döwletmyrat Muratow, rumyn tarapyna bolsa Rumyniýanyň DIM-iniň Konsullyk departamentiniň baş direktory Oana Dariýe ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda tarapla...

DOWAMY