SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Fransiýa Respublikasynyň senatory, Fransiýa – Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň agzasy Samanta Kazebon bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar parlamentara, hususan-da Fransiýa-Merkezi Aziýa parlament dostluk toparynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň orny barada belläp geçdiler. Şeýle-de taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrliklerin...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýakyn wagtda duşuşmak hem-de her ýylda guralýan ikitarapla...
Birleşen Patyşalygyň Döwlet ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dautiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly Birleşen Patyşalygynyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu ädi...
Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-iň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Tegelek stol maslahatyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, şeýle hem ykdysa...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidentini kabul etdi
2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Aziýa ösüş bankynyň Günorta, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça wise-prezidenti Ýan Inmini kabul etdi. Duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, jenap Ýan Inmin Aziýa ösüş bankynyň ykdysady ösüşiň durnukly depginini görkezýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowamynda geçirjek duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn ykdysad...
Information for the Mass Media
On June 23, 2025, the visit of the Minister of Foreign Affairs of the Islamic Republic of Iran Seyed Abbas Araghchi to Turkmenistan took place. On the same day, a meeting was held at the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan where the foreign ministers of Turkmenistan and Iran discussed a wide range of bilateral cooperation issues. The sides exchanged views on international and regional issues of mutual interest, particularly the current situation in the Middle East. In this conte...
Türkmenistanyň ýardam bermegi bilen 4000-e golaý adam Watanyna dolanyp geldi
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär.