CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wekillerini kabul etdi
2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi kabul etdi. Ministrler duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, BAE-de Türkmenistan bilen özara bähbitlilige hem-de dostluga esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly äh...
HHR-iň DIM-iň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazany...
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň esasy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistan bilen Sebit merkeziniň bilelikdäki işleriniň dürli taraplaryna garaldy. BMG-niň Ba...
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisde BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerinde alny...
Türkmenistan we TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler
2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Taraplaryň özara pikirine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan...
Aşgabat şäherinde möhüm energetika infrastrukturasyny goramagyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 11-12-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde bilermenler derejesinde halkara duşuşyk we Möhüm energetika infrastrukturasyny terrorçylykly hüjümlerden goramak boýunça tehniki gollanmanyň halkara derejesinde ilkinji tanyşdyryş maslahaty geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi (UNOCT) we Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen bilelikde guraldy. Iki günläp dowam eden bu çäräniň maksady energetika infrastru...
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi. Taraplar Ählumumy metan borçnamasynda göz öňünde tutulan maksatlary we...