RSS

CELE MAI RECENTE STIRI

pic
27 Noi

Türkmenistanyň DIM-de UNDCO-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit müdiri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ösüş ugrundaky işi utgaşdyryş müdirliginiň (UNDCO) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin müdiri Gwi-Ýeop Sonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ugurlaryň giň çygryny öz içine alýan Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky köpýyllyk strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň döredilmeginiň i...

CITESTE MAI MULT
pic
27 Noi

Aşgabat şäherinde Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 27-nji noýabrynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahatynyň we serginiň çäginde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ikinji ministrler maslahaty geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we ulag edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Durnukly ulagyň dostlary toparynyň daşary ýurt agza ýurtlary, halkara we sebit guramalary, hususan-da BMG-niň ýöriteleşdi...

CITESTE MAI MULT
pic
26 Noi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Pia Kaumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Myhman «ÝHHG-nyň çäginde parlament diplomatiýasy: Dialog  - abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada geldi. Duşuşyga gatnaşyjylar syýasy, ykdysady-ekologiýa we ynsanperwer ugurlaryň çäklerinde...

CITESTE MAI MULT
pic
26 Noi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen iş sapary bilen gelen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar şu gün Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» (ITTC-2024) atly iki günlük halkara maslahatyň we serginiň ähmiýetini bellediler. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Halkara...

CITESTE MAI MULT
pic
26 Noi

Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady

2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, dünýäniň onlarça ýurdunyň ýokary derejeli wek...

CITESTE MAI MULT
pic
26 Noi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň wekilleri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tü...

CITESTE MAI MULT
pic
26 Noi

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ABŞ-da Bitarap Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň saparynyň dowa...

CITESTE MAI MULT