SOŇKY HABARLAR
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE BOSGUNLAR TOPARYNA SOWGAT GOWŞURMAK DABARASY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Olimpiýa Komitetiniň adyndan Bosgunlar toparynyň agzalaryny Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna işjeň gatnaşandyklary üçin hormatly sylaglary hem-de sowgatlary gowşurmak barada tabşyryk berip, bu çäräniň BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça kabul edilen “Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň parahatçylygy we adam...
AŞGABAT ŞÄHERINDE AZIÝANYŇ OLIMPIÝA GEŇEŞINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETIŇ 70-NJI MEJLISI WE BAŞ ASSAMBLEÝANYŇ 36-NJY MEJLISI GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Aşgabat şäherinde “Olimpiýa” myhmanhanasynda Ýerine ýetiriji komitetiniň 70-nji mejlisini geçirdi. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah sözüni Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň çarşenbe gününde geçiriljek Baş Assambleýasyna gatnaşýan geňeşiň agzalaryny gutlamak bilen başlady: “Meniň üçin şu ýerde Azi...
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Media merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy meseleleri gatnaşyklary berkitmek we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlaryny şöhlelendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sport metbugat...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BOSGUNLARYŇ SPORT TOPARLARY BARADAKY BMG-NIŇ JARNAMASY BOÝUNÇA MASLAHAT GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Adam hukuklary baradaky Geňeşiniň 36-njy mejlisinde Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakyndaky” Jarnamanyň kabul edilmegi bilen bagly maslahat geçirildi. Onuň işine türkmen diplomatlary, syýasatşynaslar, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary...
YAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA 5 AZIÝA OÝUNLARY DABARALY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezienti Gurbanguly Brdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň görnükli döwlet işgärleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň we beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmaklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň ýanyna geldi. Edaranyň bi...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen energetiklerini hünär baýramçylygy bilen gutlady
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli bu ulgamyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi Hormatly energetika senagatynyň işgärleri! Gadyrly watandaşlar! Sizi Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn. Indi birnäçe ýyllardan bäri özbaşdak baýram hökmünde bellenip gelinýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni Garaşsyz Watanymyzyň senenamasyny bezeýän baýramlaryň biridir, zähmetde gazanylýan üstünlikler...
Türkmenistanyň “EKSPO-2017”-ä gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi
10-njy sentýabrda işini tamamlaýan “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi. Bu barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow habar berdi. Energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ylmy işläp taýýarlamalar we innowasion taslamalar serginiň esasyny düzdi. Türkmen bölüminde V Aziýada uly orun berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli sergisin...