SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE RUMYNIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Rumyniýanyň Işewürlik gurşawy, söwda we telekeçilik ministri Ştefan Radu Opreanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk boldy. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekde olary giňeltmegiň mümkinçilikleriň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň işjeňleşdirmegiň mü...
Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň mejlisi
Paýtagtymyzda Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, altynjy mejlisiň maslahatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de netijeli ösýän hyzmatdaşlygyň geljegi uly täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleler girizildi. Toparyň her tarapdan başlyk...
“BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNDA KABUL EDILEN KARARNAMALAR TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ DABARALANMASY” ATLY MASLAHAT
2018-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalar Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynyň dabaralanmasy” atly maslahat geçirildi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň...
«LAZURIT» HALKARA ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEK BARADAKY YLALAŞYGY ÝERINE ÝETIRMEK BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERIŇ DUŞUŞYGY
2018-nji ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) dowamynda gol çekilen «Lazurit» halkara ulag geçelgesini döretmek baradaky Ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hünärmenleriň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň, Türkiýe Respublikasynyň...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ IKI KARARNAMANY KABUL ETMEGI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ALYP BARÝAN DAŞARY SYÝASATYNYŇ NOBATDAKY ÝEŇŞIDIR
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ýene iki Kararnamany kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüji mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrdy. Milletler Bileleşigi 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamasy bilen Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýe-sagald...
MIGRASIÝA BOÝUNÇA HALKARA GURAMASYNYŇ WEKILHANASY TÜRKMEN ŽURNALISTLERI ÜÇIN MASLAHAT GURNADY
2018-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerini durnuksyz migrasiýanyň hem-de adam söwdasynyň öňüni almak boýunça meselelerde tagallalary birleşdirmegiň halkara tejribesi bilen tanyşdyrmaga gönükidirilen iki günlük maslahat işe başlady. Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Migrasiýa boýunça halkara guramanyň (MHG) wekilhanasy bilen bilelikde guraldy. Duşuşyga merkezi we welaýat gazetleriniň, žurnallarynyň redaksiýalarynyň, telewideniýäniň,...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BAKUDA GEÇIRILEN GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 5-6-njy aprelinde Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň: «Durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara parahatçylygy we howpsuzlygy höweslendirmek» atly aralyk ministrleriň derejesindäki maslahat geçirildi. 2018-nji ýylyň 3-4-nji aprelinde Goşulyşmazlyk Hereketiniň ministrleriniň maslahatyna taýýarlyk görmek maksady bilen ýokary wezipeli şahslaryň derejesinde mejlis geçirildi. Ministrleriň maslahatyna Goşulyşmazlyk hereketiniň agzasy bolup durýan, şeýle hem bu guramada synçy statusy b...