img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Okt

PRES RELIZ

2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna sapary amala aşyrylar.   Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabry

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady

Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21)makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-York şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny...

DOWAMY
pic
16 Okt

Halkara ulag resminamalarynyň tassyklanylmagy

Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyny we «Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistanda milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulag pudagynyň maddy-tehniki esasyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, hereket edýän ulag-kommunikasiýa torlaryny giňeltmäge we täze görnüşlerini döretmäge gönükdirilen täze milli maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. T...

DOWAMY
pic
12 Okt

Rumyniýaky Brukintal Milli muzeýinde türkmen sergisiniň resmi açylyş dabarasy

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Rumyniýanyň Sibiu şäherindäki Brukintal Milli muzeýinde, Ilçihananyň bu muzeý bilen bilelikde gurnan Türkmenistanyň Sergisiniň resmi açylyş dabarasy boldy. Sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Bu sergide türkmen milli el halylary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, milli saz gurallary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan ylmy...

DOWAMY
pic
30 Sen

Pres-reliz

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A.N.Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi. Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belgo...

DOWAMY
pic
24 Sen

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda brifing geçirildi

2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapynda gurnalan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi. Brifingiň işine Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik...

DOWAMY
pic
21 Sen

Türkmenistanda halkara sport media-forumy açyldy

Düýn irden Aşgabatda sport media-forumyna gatnaşyjylar, ýagny  halkara sport žurnalistleriniň we daşary ýurt KHBS-niň wekilleri Gyrgyzystanda geçirilen II Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlaryna gatnaşyp, tapawutlanan türkmen türgenlerine baýrak gowşurmaklyga bagyşlanyp geçirilen dabaraly çärä gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty...

DOWAMY