img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
RUMYNIÝA - BUHAREST
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Sen

Türkmenistanyň wekiliýeti Warşawada geçirilýän ÝHHG-niň adam ölçegleri meseleleri boýunça maslahata gatnaşýar

2016-njy ýylyň 19-njy sentýabrynda ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukulary boýunça Býurosy Warşawa şäherinde ÝHHG-niň adam ölçegleri meselelerinde borçlary ýerine ýetirmeklige bagyşlanan maslahaty geçirýär. Bu maslahat Ýewropada adam hukuklary boýunça iň uly maslahatdyr we ol on bäş ýyldan bäri geçirilýär. Bu iki hepdeläp dowam etjek maslahata gatnaşmak üçin ÝHHG-niň agza ýurtlarynyň wekilleri, halkara meseleler boýynça bilermenler, hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri we hukuk...

DOWAMY
pic
17 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň täze Halkara howa menziliniň toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň baş «howa derwezesi» hasaplanjak, Aşgabat şäherindäki täze Halkara howa menziliniň toplumynyň dabaraly açylşyna gatnaşdy. Açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Howa ulaglarynyň halkara assosiasiýasy, Döwletara awiasiýa komiteti, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Migrasiýa boýunça halkara guramasy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komiteti hem-de beýleki birnäçe hal...

DOWAMY
pic
16 Sen

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata bagyşlanan halkara Media-forumy öz işini tamamlady

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işini tamamlady. Bu forumyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habarçylary, bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada TRT, IRNA, Euronews, The Tokio Şimbun ýaly iri halkara habar beriş agentlikleriň birnäçes...

DOWAMY
pic
16 Sen

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan Media-forum öz işine başlady

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işine başlady. Bu forumyň işine 10 sany halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem dünýäniň 30-a golaý ýurdundan 65 sany habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Forumyň birinji bölüminde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we Sosial komissiýasynyň (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE),...

DOWAMY
pic
14 Sen

Türkmenistanda döwletiň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi

Türkmen paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýaşulular maslahatynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşini tassyklamak hakynda Konstitusion kanun kabul edildi. Konstitusion kanunyň kabul edilmegi syýasy ulgamyň has-da kämilleşdirilmegine, döwletiň we jemgyýetiň tapgyrlaýyn demokratiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen, hususan-da syýasy köpdürliligi we köppartiýalylygy göz öňünde tutýan ýurtda alnyp barylýan konstitusion özgertmeleriň logiki dowamydyr. Bu ösüşiň iň esasy netijeleriniň...

DOWAMY
pic
14 Sen

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde Ýaşulularyň maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň açylşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Türkmenistanyň Döwlet Baştutany özüniň çykyşynda ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 25 ýylynyň içinde syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ýeten   sepgitlerini giňişleýin beýan etdi hem-de döwletiň we jemgyýetiň häzirki ýagdaýyny hä...

DOWAMY
pic
30 Awg

“Ilçihanalaryň Festiwalynyň” resmi açylyş dabarasy

2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda Buharest şäheriniň Milli teatrynyň binasynda“Ilçihanalaryň Festiwalynyň” resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalary gatnaşýar. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli Türkmen milli sergisini gurnady. Türkmenistanyň bu sergisinde türkmen milli el halylary, milli egin-eşikdir, şaý-sepler, mi...

DOWAMY