SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmak hakynda
“Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň iri möçberli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny açmaly; 2. Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň wezipelerini Türkmenistanyň Awst...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda taraplar birek-biregi hazarýaka döwletleri tarapyndan her ýylyň 12-nji awgustynda, ýagny şol gün 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň güýje girmegi bilen baglylykda bellenip geçilýän Hazar deňziniň güni bilen gutladylar. Türkmenistanyň we...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkiýe Respublikasynda harby agdarylyşyk synanyşmasy baradaky maglumatlar Türkmenistanda çuň ynjalyksyzlyk bilen kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti türk halkyna we döwletine goldawyny hem-de Türkiýedäki ýagdaýlaryň durnuklaşjakdygyna berk ynamyny beýan etdi. Döwletiň baştutany Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine, ýurdumyzy taryhy we doganlyk gatnaşyklary bilen baglaşdyrýan Türkiýede bolup geçýän hadysalary hemişelik ýagdaýda gözegçilik etmegi we ýurtdaky...
Buharest şäherinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi
2016-njy ýylyň 14-15-nji iýunynda Buharest şäherinde ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rumyn toparynyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Maliýe Ministri M.Muhammedowyň baştutanlygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Toparyň rumyn tarapyna Wise-premýer, ykdysadyýet, söwda we işewürler toparlar bilen gatnaşyklar Ministri Kostin Grigore Bork baştutanlyk etdi. Mejlisiň jemleri boýunça söwda, energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty, syýahatçy...
Rumyniýadaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri
2016-njy ýylyň 24-nji maýynda Buharestde Dmitriý Gusti adyndaky obasynyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Medeniýet günleri açyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Medeniýet ministrliginiň, öňdebaryjy muzeýleriniň, döredijilik ugurly okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler hem-de folklor-etnografiki toparlar girdi. Dabaraly açylyşyna Rumyniýanyň Daşary işler we Medeniýet ministrlikleriniň, B...
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Buharest şäherindäki rumyn-rus mekdebinde “Türkmenistanyň hepdeligi” atly medeni çäre geçirdi.
2016-njy ýylyň aprel aýynyň 25-29-y aralygynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna we “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” mynasybetli Rumyniýanyň Buharest şäherindäki rumyn-rus mekdebinde “Türkmenistanyň hepdeligi” atly medeni çäre guraldy. Bu “Türkmenistan hepdeligi” atly çäräniň dowamynda Ilçihananyň wekilleri tarapyndan bu mekdebiň okuwçylaryna Türkmenistan hakynda açyk sapaklar geçirildi hem-de mekdebiň binasynyň esasy zal...
Buharestde Türkmenistanyň Şanly Garaşsyzlygynyň 25-Ýyllygy Mynasybetli sport ýaryşy geçirildi
2016-njy ýylyň aprel aýynyň 9-na Rumyniýanyň Buharest şäheriniň merkezi sport toplumynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreler mynasybetli mini-futbol boýunça sport ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň işgärleri bilen bilelikde Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkme...