CELE MAI RECENTE STIRI
Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Ana Tinka bilen duşuşdy.
2025-nji ýylyň 19-njy martynda Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Ana Tinka bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bellediler. Geljekki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydygyny belläp, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurl...
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilýän serginiň ýokary guram...
Türkmenistan adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça işleri ilerletmegi maksat edinýär
2025-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025–2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça pudagara toparynyň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýol...
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissaryny kabul etdi
2025-nji ýylyň 12-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi. Ýewropa komissary wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini nygtady. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa komissaryny mähirli mübärekläp, myhmanyň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň dowamynda ýokary derejeli duşuşyklaryň geçiriljekdig...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkmenistana sapar bilen gelen Halkara hyzmatdaşlygy boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň ösmeginde esasy şert bolup d...
Türkmenistanyň DIM-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde geçiriljek çäreler boýunça brifing geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň DIM-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçyla...
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna beren interwýusy
2025-nji ýylyň 6-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Euronews” teleýaýlymyna beren ýörite interwýusy ýaýlyma berildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bitaraplyk syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady hem-de ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy wezipeleri barada gürrüň berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaý...