Ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa bilen Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiwiň arasynda duşuşyk geçirildi.
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň binasynda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa bilen Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň Döwlet sekretary Gigel Paraskiwiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda bilim pudagyndaky gatnaşyklar we olary ösdürmegiň we berkitmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Sekretar bilim we ylmy gözleg ugurlarynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy dowam etmek we mundan beýläk-de güýçlendirmek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy we türkmen ýaşlaryny daşary ýurda okamaga iberen uniwersitetleri göz öňünde tutanda, rumyn uniwersitetlerini saýlandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Öz gezeginde Ç. Rüstemowa, Türkmenistanyň halkara tejribesini we bilim ulgamyny kämilleşdirmekde gazanylan üstünliklere aýratyn ähmiýet berýändigini, esasanam bu ugurda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň nusgalykdygyny belledi we Türkmen talyplarynyň biliminde berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirildi. Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna esaslanyp, Rumyniýa her ýyl stipendiýa okama mümkinçili bolan raýatlarymyz üçin häzirki wagtda ýokary okuw jaýlarynda okamak üçin 105 stipendiýa berilýändigi üçin hem minnetdarlygyny bellap geçdi.
Hyzmatdaşlyk meselesinde, türkmen tarapy Rumyniýadan gelen professorlaryň, okuwçylaryň we mekdep okuwçylarynyň iki ýurtda geçirilen halkara ylmy konferensiýalara we olimpiadalara gatnaşmagyny, şeýle hem kärlerini ýokarlandyrmak maksady bilen professorlar alyş-çalşygyny goldamagy teklip etdi.
Taraplar ylmy toparlary birleşdirmegiň dostluk we parahatçylygy ýola goýmagyň serişdesi hökmünde bilelikdäki ylmy işleriň möhümdigini bellediler.
Munuň dowamy hökmünde Rumyniýanyň talyplary we mekdep okuwçylary türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti we däp-dessurlary, türkmen şahyrlarynyň edebiýaty bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistan barada “açyk sapaklar” guramak teklip edildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bilimdäki gatnaşyklaryň çalt ösýän türkmen-rumyn gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigi barada umumy pikiri aýtdylar we iş meselelerini çözmek üçin göni aragatnaşyk saklamaga ylalaşdylar.