Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji aprel - 5-nji maý aralygynda köpçülikýleýin bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek hakynda Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji aprel - 5-nji maý aralygynda köpçülikýleýin bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi

Jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek, saglygy goraýyş we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleri geçirmek boýunça başlangyjy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”  atly köpçülikleýin bedenterbiýe –sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri şu ýylyň 5-nji apreli-5-nji maýy aralygynda geçirmek bellenildi.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetine, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Bilim ministrligine, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine, beýleki ministrliklere we pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de jemgyýetçilik guramalaryna “Sagdynlyk we bagtyýarlyk”  atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.