Buharest şäherinde ýerleşýän Rus Medeni merkezide “Bilelikde Bahary garşylaýarys” şygary bilen sergi-ýarmarkasy guraldy.

2016-njy ýylyň mart aýynyň 12-ne Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy, Ermenistanyň, Belarussiýanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Ilçihanalary bilen bilelikde Buharest şäheriniň taryhy merkezinde ýerleşýän Rus Medeni merkezide “Bilelikde Bahary garşylaýarys” şygary bilen sergi-ýarmarkasyny gurady.

Dabaraly ýagdaýda geçirilen sergi-ýarmarkasynda ýurtlaryň medeni-taryhy ýadygärlikleri baradaky foto suratlar, milli saz gurallar, milli egin eşikler we beýleki milli el işleri gatnaşyjylara görkezildi. Şeýle hem gatnaşyjylara dürli milli tagamlary hödürlendi.

Bu sergi-ýarmarkasyna Rumyniýanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, diplomatik korpusyň wekilleri, diýasporalaryň wekilleri, okuwçylar we talyplar, Buharest şäheriniň ýaşaýjylary hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.