Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we senagat ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we senagat ministri Tawfik ben Fewzan Al-Rabiany kabul etdi. Ol Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň dördünji mejlisine hem-de bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi. 

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň barşynda özara düşünişmegiň ýokary derejesi we iki ýurduň hem ýola goýlan netijeli gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy kanagatlanma bilen nygtaldy. 

Döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de Saud Arabystany Patyşalygynyň özara ynanyşmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge hemmetaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar. Şol taslamalar bolsa dostlukly halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär. Söwda-ykdysady we ulag-aragatnaşyk ulgamlary, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu ulgamlarda gatnaşyk etmek özara gyzyklanma döredýär. 

Ýangyç-energetika ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi söhbetdeşligiň möhüm meseleleriniň biri boldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany ykrar edilen energetiki döwletler bolmak bilen ýangyç-energetika toplumynda netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge, toplanan oňyn tejribäni alyşmaga taýýardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energiýa strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna aýratyn üns berýändigini hem-de daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalaryny giňden çekýändigini nygtap, Saud Arabystanyndan hyzmatdaşlygymyza milli ykdysadyýetler üçin möhüm bolan bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi.