Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy birnäçe resminamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) arasynda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça wajyp resminamalaryna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Şu aşakdaky resminamalara gol çekildi: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasy, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) arasyndaky Hyzmatdaşlygyň 2016-2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça Maksatnamasynyň Hereketler Meýilnamasy, şeýle hem Bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň arasynda Ylalaşyga üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnama.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Jasinta Barrins we UNICEF-ň Türkmenistandaky wekili Oýunsaýhan Dendewnorow amala aşyrlan işler üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny beýan etdiler.