Buharestde Türkmenistanyň Şanly Garaşsyzlygynyň 25-Ýyllygy Mynasybetli sport ýaryşy geçirildi

2016-njy ýylyň aprel aýynyň 9-na Rumyniýanyň Buharest şäheriniň merkezi sport toplumynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we Türkmenistanda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly şygar bilen geçirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreler mynasybetli mini-futbol boýunça sport ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň işgärleri bilen bilelikde Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Hususan-da ýaryşa Rumyniýanyň Buharest, Ploýeşt, Konstansa, Kluž-Napoka, Alba-Ýuliýa we Ýassy şäherlerinde bilim alýan türkmen talyplaryndan düzülen 8 topar gatnaşdy.

Dostlukly we ruhybelentlik ýagdaýda geçen bu ýaryşyň jemi boýunça Buharest şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplardan ybarat bolan topary birinji orna, Ploýeşt şäheriniň Nebitgaz uniwersitetiniň ýygyndy topary ikinji orna we Kluž-Napoka şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplar topary üçünji orna mynasyp boldular.

Ýaryşyň ýeňijilerine Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.