Rumyniýaky Brukintal Milli muzeýinde türkmen sergisiniň resmi açylyş dabarasy

photo

2016-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Rumyniýanyň Sibiu şäherindäki Brukintal Milli muzeýinde, Ilçihananyň bu muzeý bilen bilelikde gurnan Türkmenistanyň Sergisiniň resmi açylyş dabarasy boldy. Sergi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli guraldy. Bu sergide türkmen milli el halylary, milli egin-eşikler, şaý-sepler, milli saz gurallary, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan ylmy kitaplary hem-de Türkmenistan hakynda çap edilen dürli neşirýat önümleri ýerleşdirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Brukintal Milli muzeýiniň ýolbaşçylary, ýerli häkimýetiň agzalary, Sibiu şäherinde akkreditirlenen diplomatiki korpusyň wekilleri, şeýle hem jemgyýetiň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Sibiu şäherinde bilim alýan türkmen talyplar gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Jumaýewden başga-da Brukintal Milli muzeýiniň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň baý medeni mirasyny bellemek bilen, bu bilelikdäki çäräniň Sibiu şäheriniň ýaşaýjylaryna Türkmenistanyň medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini aýtdylar. Sergi öz işini şu ýylyň oktýabr aýynyň 17-ne çenli dowam etdirer.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soňra Ilçihana tarapyndan Muzeýiň kabul edişlikler zalynda gatnaşyjylar üçin resmi kabul edişlik guraldy.