KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BALKAN WELAÝATYNA BARDY

2019-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşynyň halkara howa menziline geldi. Biraz wagtdan soňra dabaraly çäre mynasybetli iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen kenarýaka şäheriniň howa menzlinde Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň howa gämisi gondy. Belent mertebeli myhmana ýokary derejede hezzet-hormat edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti kärdeşini mähirli garşylady. Howa menzilinden Döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni Gyýanly şäherçesine ugrady, bu ýerde geçen ýylyň güýzünde polimer zawody işe girizildi.

Bahasy 3 milliard 400 million ABŞ dollary bolan bu taslama «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy), şeýle hem «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) hyzmatdaş-kompaniýalary bilen birlikde durmuşa geçirildi. Kärhanada polimer materialyna ýokary temperaturada dürli goşundylaryň we dolduryjylaryň girizilmeginiň netijesinde alynýan polietileniň ýedi görnüşi we polipropileniň bäş görnüşi öndürilýändir.   

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Gyýanlydaky polimer zawodyna aýlanyp gördüler. Kärhananyň direktory Döwlet Baştutanlaryna bu iri senagat desgasynyň işiniň guramaçylygy hakynda gürrüň berdi.

Gyýanlydaky polimer zawodyna aýlanyp görmegiň çäklerinde ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti bu iri gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna gatnaşan ähli hünärmenlere we gurluşykçylara minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda koreý kompaniýalary Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösdürilmegine ähmiýetli goşant goşýarlar. Polietilen we polipropileniň önümçiligi boýunça nobatdaky bu häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň ulanylyşa girizilmegi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyň we barha berkeýän dostlugyň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow desgalaryň gurluşygyny ekologiki düzümleriniň nazarda tutulmagy bilen iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly durmuşa geçirýän, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlygyny amala aşyrýan  koreý işewürleriniň wekillerini, iri kompaniýalaryny geljegi uly türkmen bazarynda mynasyp garşylamaga şatdyrys hem-de netijeli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýäris, diýip belläp geçdi.

Koreýanyň Prezidenti kärhananyň tehniki we tehnologiki enjamlaşdyrmasynyň derejesine ýokary baha berdi we energetiki toplumynyň köpsanly ugurlary boýunça Türkmenistanyň gyşarnyksyz öňdebaryjylygyny aýratyn belledi. Gazhimiýa toplumynyň işi bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, Mun Çže In iki ýurduň nebitgaz ulgamynda özarahyzmatdaşlyk etmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriniň bardygyny nygtady.

Gyýanlydaky polimer zawodyna aýlanyp göreninden soňra Koreýa Respublikasynyň Prezidenti halkara howa menziline ýola düşdi we Türkmenbaşydan ugrady.