BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow taryhy waka - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Çözgüdi mynasybetli ýurdumyzyň halkyna ýüzlenmesinde ady agzalan resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetiniň bardygyny ýene-de bir gezek tassyklandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu Kararnamany doly goldandyklary üçin, awtordaş bolup çykyş eden ýurtlara hem-de Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletlere tüýs ýürekden minnetdarlygyny mälim etdi.
Biz Türkmenistanda bitaraplygy berkitmäge uly ähmiýet berýäris, onuň özboluşly hukuk ýagdaýyna buýsanýarys, Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär diýip, döwlet Baştutany belledi.