Sergi-ýarmarkasy “Bilelikde Bahary garşylaýarys”

2017-nji ýylyň fewral aýynyň 18-ne Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy GDA döwletleriniň Rumyniýadaky Ilçihanalary bilen bilelikde Buharest şäheriniň taryhy merkezinde ýerleşýän Rus Medeni merkezide “Bilelikde Bahary garşylaýarys” şygary bilen sergi-ýarmarkasyna gurady.  

Dabaraly ýagdaýda geçirilen sergi-ýarmarkasynda gatnaşýan ýurtlaryň medeni-taryhy ýadygärlikleri baradaky foto suratlar, milli saz gurallar, egin-eşikler we beýleki milli el-işleri görkezildi. Şeýle hem, türkmen Ilçihanasy  şu ýyl Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna degişli ýörite stend gurnady. Şeýle hem sergä gatnaşyjylara dürli milli tagamlary hödürlendi.

Sergi-ýarmarkasyna Rumyniýanyň Hökümetiniň resmi wekilleri, diplomatik korpusyň wekilleri, diýasporalaryň wekilleri, okuwçylar we talyplar, Buharest şäheriniň ýaşaýjylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.