Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy.

2017-nji ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Gabriel Liwiu Ispaş, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Dan Nikulaesku weRumyniýanyň Diplomatik institutynyň Baş direktory Dan Petre dagylar bilen duşuşdy. Bu duşuşyklaryň dowamynda taraplar diplomatik işgärleri taýýarlamak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

10-njy martda Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň resmi gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara rumyn tarapyndan Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ilçi S.Moldowan we Rumyniýanyň DIM-niň işgärleri, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdy.