Türkmenistanyň “EKSPO-2017”-ä gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi

10-njy sentýabrda işini tamamlaýan “Astana EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagynyň netijeleri jemlenildi. Bu barada hökümetiň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow habar berdi.

Energetika ulgamynda, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda ylmy işläp taýýarlamalar we innowasion taslamalar serginiň esasyny düzdi. Türkmen bölüminde V Aziýada uly orun berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli sergisine gelen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerinden ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga hem-de ýurdumyz bilen energetika pudagynda, senagatda, nebitgaz ulgamynda, ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli teklipler gelip gowuşdy.

Türkmen halkynyň taryhy, milli we tebigy baýlyklary barada gürrüň berýän gymmatlyklar hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy baradaky maglumatlar sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň “EKSPO-2017” -ä gatnaşmagynyň baş maksadynyň gazanylýan üstünlikleri görkezmekden ybarat bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, şeýle forumlar täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklarda tejribe alyşmak üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär.

Türkmen Lideri daşary ýurt kompaniýalaryndan gelip gowşan teklipleri öwrenmegi hem-de olary daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport möçberlerini artdyrmak işinde peýdalanmagy tabşyrdy.