Türkmenistanyň adam hukuklary ulgamynda BMG bilen hyzmatdaşlygy
2017-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Aşgabatda adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly bilermenler, hususan-da, BMG-niň adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň, BMG ÖM-niň sebitleýin wekilleri maslahata gatnaşyjylary Birleşen Milletler Guramasynyň bu ulgam boýunça degişli komitetleriniň jemleýji teklipleri bilen tanyşdyrdylar.
Maslahata gatnaşyjylar halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň düzümleýin bölümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem olar daşary ýurtly bilermenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, duşuşyklary we milli synçylary taýýarlamak, adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek boýunça geňeşmeleri geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini aýtdylar. Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar häzirki zamanyň ählumumy ynsanperwerlik meselelerini çözmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň barha ýokarlanýandygyny bellediler.