Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerinre ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebitleýinguramalarynyň altynjy duşuşy

Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Aral deňzini halas ediş gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen Merkezi Aziýanyň sebit guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermekliginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezini we  Aral deňizini halas ediş gazanasynyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan gurnaldy.

Bu duşuşyga 10 sebitleýin hem-de 9 halkara guramalaryndan 50-den guwurak adamlar ýygnanyşdy, olaryň arasynda Aral deňizini halas ediş gazanasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň düzümindäki bölümleriň, DÖHK-iň YHM-iň,  DÖDK-iň sekretariýatynyň, Aral deňzini halas ediş gaznasynyň YHM-iň, DSUKiň sekretariýatynyň, “Amyderýa” AHSHB-iň we onuň şahamçalarynyň, “Syrderýa” AHSHB-iň Merkezi Aziýanyň daglyk merkeziniň,  Merkezi Aziýanyň gidrologik merkeziniň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu duşuşygyň maksady sebitleýin maksatnamalary hem-de prossesleri öne sürmekde  bilelikde hereket etmekligi utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk etmek üçindurnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meselelerine çekilen guramalarynyň tagallalaryny, mümkinçiliklerini we meýilnamalaryny  birikdirmek, şeýle hem sebit guramalaryň her birisiniň ADHM-4, DGGHSM ýerine ýetirmekde we daşky gurşaw Merkezi Aziýa üçin meýilnamany öňe sürmekde mümkinçiliklerini ara alyp maslatlaşmak.

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň yerine ýetiriji direktory I. Abdullaýew bu ugurda işleri geçirmek  we sebitleýin guramalaryň meýdançasynyň bilelikdäki hereketleri boýunça öz garaýşy barada çykyş etdi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan döredilen we öňe sürülýän bilelikdäki hereketleri boýunça meýdança gyzgylaňly hem-de gyzykly özara pikir alyşmakaryň we çekleşikleriň ýerine öwrüldi. 

Altynjy duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde  başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirilişine baha bermeklik boýunça ýörite sessiýa geçirildi. Onda Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy G. Baýjanow çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylyň  iýulyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem Aral deňizini halas ediş gaznasynyň nobatdaky ýygnagyna taýarlygyň alnyp barlyşy hakynda aýdyp berdi.

DÖDK-iň sekretariýatynyň ýolbaşçysy B.Mämmedow Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebitleýin maksatnamasyny öňe sürmek boýunça işler barada aýdyp berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili M. Akmyradow öz çykyşynda Aşgabatda 2018-nji ýylda Aral deňizini halas ediş gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçlarynyň sammitine taýýarlygyň alnyp barlyşy hakynda aýdyp berdi we Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasynyň taslamasy hem-de MBG-yň Ýörite maksatnamasyny diňleýjileriň dykkatyna ýetirdi.

Ýurtlaryň hem-de sebitleýin guramalaryň wekilleri olaryň dykkatyna ýetirlen meýilnamalar hakynda pikir alyşmalaryň dowamynda öz garaýyşlaryny aýtdylar, sebitde hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda, onuň ösdürilmeginiň we bilelikdäki   maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşda ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri   babatda maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Aral deňizini halas ediş gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetinde başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşda ornaşdyrmaga ýardam berjek meýilnamalar belläp geçdiler.