Press-reliz

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi, şol sanda:

  • Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekillik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda;
  • Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we Merkezi Aziýada Sebitleýin ekologiki merkeziniň arasynda.

Bu çäre Türkmenistanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň we halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda resmi ýagdaýda geçirildi.

Ähtnamalaryň esasy maksady Merkezi Aziýada suw boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekde, Aral deňziniň jülgesinde sosial-ykdysady we ekologiki ýagdaý amatlyklaryny gowylandyrmakda goldaw bermek we şeýle-de tehniki ýardam bermek bolup durýar.

Ähtnamalara gol çekilenden soň taraplar bu ähtnamalaryň sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde we giňeltmekde goşmaça itergi boljakdygyna öz ynamlaryny bildirdiler, bu hem öz gezeginde Aral deňziniň jülgesiniň ýaşaýjylarynyň bähbidi üçin hyzmat eder.