SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasyna beren interwýusy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde, eýran tarapynyň haýyşy boýunça, EYR-nyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) žurnalisti Seýýed Mohsen Hoseýniniň sowallaryna jogap berdi. – Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Sizi eýran topragynda hoş gördük! Şeýle agyr günde eýran halkyna goldaw bermegiňiz we duýgudaşlyk bildirmegiňiz halkymyz we döwletimiz üçin uly ä...
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna sapary amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen duşuşyklary geçirdi. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref hem-de beýleki resmi...
Halkara zähmet guramasynyň Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory bilen geçirilen duşuşyk barada
2026-njy ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Halkara zähmet standartlary departamentiniň direktory Korinn Warganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. HZG bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýa...
Niderlandlarda geçiriljek Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işleri barada brifing geçirildi
Şu gün, 1-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlaryň Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärä — Atçylyk boýunça dünýä çempionatyna we ahal-teke atlarynyň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň...
Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-gazagystan daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Diplomatlar hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna syn berdiler. Syýasy-diplomatik ugur boýunça taraplar iki döwletiň Baştutanlary tarapyndan kesgitlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary depginini bellediler. Jemgyýetçilik dip...
Türkmenistanyň DIM-nde Keniýa Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2026-njy ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Keniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Jonah Maina Mwanginiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmen tarapy Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen-keniýa gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdür...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirdi
2026-njy ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ýurtda diplomatik wezipesini tamamlaýan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri, şeýle hem durnukly ösüşiň umumy maksatlaryny durmuşa geçirmek çäklerinde geljekki konstruktiw hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara...